TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2024-nji ýyl - Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE AWSTRIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY BARADA
2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrda Merkezi Aziýa-ÝB ministrler duşuşygynyň çäginde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Aleksander Şallenberg bilen iş duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-de hyzmatdaşlygyň we Baş Assambleýanyň kararnamalaryny goldamagyň ähmiýetini belläp, iki ýurduň arasyndaky ga...
KIPRIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK
23-nji oktýabrda “Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi” ministrler duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministri Konstantinos Kombos bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda ministrler syýasy-diplomatik gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler. Hususan-da, iki ýurtdaky ilçileriň parallel akkreditirlenmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Mundan başga-da, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklary pugtalandyrma...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ KOMISSARY BILEN DUŞUŞYGY
23-nji oktýabrda Lýuksemburgda geçirilen Merkezi Aziýa - ÝB-niň ministrler duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirdi. Esasy üns “Ýewropa Topary” maksatnamasynyň sebitleýin başlangyçlaryna gönükdirildi. Bu çekişmeler energetika we ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi barada çuň gepleşikler üçin esas döretdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä Sö...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ “MERKEZI AZIÝA – ÝEWROPA BILELEŞIGI” MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAGY BARADA
22-23-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» 19-njy ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin Lýuksemburgda iş saparynda bolýar. Çärä «5+27» formatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary işler ministrleri gatnaşýar. Duşuşygyň maksady sebitde özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça meýilnamalary beýan etmekden, şeýle hem ählumumy we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri babatynda pikir alyşmakdan ybarat. Türkmen...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝB-NIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky häzirki hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle hem möhüm taslamalary durmuşa geçirmek boýunça, esasan hem söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag aragatnaşygy, energetika we bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Taraplaryň “Ýewropa Bileleşigi - Mer...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI TÄJIGISTANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Goçmyradowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ilçi Täjigistanyň baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň iki doganlyk ýurduň we halkyň özara gyzyklanmalary doly laýyk gelýän däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklaýa...
Awstriýanyň paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan gala konsert Wenanyň iň meşhur aýdym-saz zallarynyň biri bolan Ehrbar Saalda geçirildi. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar orkestri bilen bilelikde Türkmenistanyň görnükli medeniýet işgärleri hem daşary ýurtda çykyş etdiler. Konsertde Nury Halmämmedowyň, Çary Nurymowyň, Hydyr Allanurowyň we beýleki türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy. Aýdymçylar, türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň goşgularyna ýazylan aýdymlar...