TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
“Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda”
Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda TYA-nyň akademigi, ykdysady ylymlаryň doktory, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitap baý tebigy, ägirt uly önümçilik, düzümleýin we adam mümkinçiliklerine eýe bolan ýurdumyzyň depginli ösüşine, milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň, 2015-nji ýylyň sentýabrynda BMG-ä gatnaşyjy döwletleriň ählisi tarapynda...
“Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyň dowamy
Şu gün Mukamlar köşgünde hem-de Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-okuw merkezleriniň hormatly doktory, professor, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy. Olara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, ylmyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet iş...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan Gutlaglaryny ýollady. Milli Liderimiz Gutlagynda geçirilen saýlawlaryň netijesiniň Sindzo Abeniň ýurduň mundan beýläk-de ösüşi, halkara abraýynyň ýokarlanmagy, şeýle hem ýapon halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan ägirt uly şahsy tagallalarynyň goldanylýandygyny görkezendigini belledi...
Baýramçylygyň öň ýanyndaky binagärlik açylyşlary
Şu gün Kaka etrabynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň açylyş dabaralary boldy. Bu dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, milli parlamentde Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň bähbidine wekilçilik edýän Serdar Berdimuhamedow, welaýat we etrap häkimlikleriniň, saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň...
В Дашогузе состоялись архитектурные премьеры
В преддверии Дня независимости новоселье справили десятки семей дашогузцев. В административном центре северного региона страны в торжественной обстановке введены в эксплуатацию 3-четырёхэтажных жилых дома, каждый из которых рассчитан на 16 квартир. Два дома возведены строителями Дашогузского предприятия производственного объединения «Туркмендемирбетононумлери» в микрорайоне «Новруз». В них расположены трёх- и двухкомнатные квартиры улучшенной планировки, в которых созданы все необходимые усло...
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçysyna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Nguen Fu Çonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Çan Daý Kuangyň biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hatynda Çan Daý Kuangyň görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolandygyny, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň hem-de onuň halkynyň abadan we bagtyýar durmu...
“Amul - Hazar” – Türkmenistanyň täze sport nyşany
Türkmenistanyň sährasynda geçirilen awtomobil ýaryşy uly gyzyklanma döretdi. Şu günler iri metbugat we halkara mediýa neşirlerinde «Amul — Hazar 2018» awtorallisiniň jemleri hem-de netijeleri hakynda giňişleýin maglumatlar berilýär. Ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen giň möçberli awtomobil ýaryşlarynyň başlangyjynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigini we milli Liderimiziň oňyn başlangyç tapgyryny açyp, bäsleşige...