RSS

SOŇKY HABARLAR

15 Noý

Türkmenistan bilen UNEP-iň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi

2023-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek dabarasy geçirildi. Bu resminama Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow hem-de UNEP-iň Senagat we ykdysadyýet bölüminiň müdiri Ş.Agarwal-Han gol çekdiler. Resminamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm taraplarynda...

DOWAMY
15 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

2023-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasakini kabul etdi.   Diplomat döwlet Baştutanymyza Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň mähirli salamyny, şeýle hem Ýaponiýanyň Imperatorynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ygtybarly binýady goýlan türkmen-ý...

DOWAMY
15 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

2023-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny we türkmen halkyna pa...

DOWAMY
14 Noý

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary “Sakura” maksatnamasyna gatnaşdylar

2023-nji ýylyň 4-11-nji noýabry aralygynda Tokioda geçirilen “Sakura” ylmy alyş-çalyş maksatnamasyna Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Bu maksatnamanyň işiniň çäklerinde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow 2023-nji ýylyň Türkmenistanda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilendigi we halkara derejesinde ýaşlar syýasaty babatynda geçirilýän çäreleriň ilerledilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy...

DOWAMY
14 Noý

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisiniň Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ahmad Hassen Al-Hammadi bilen duşuşygy geçirildi.  Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny nygtadylar. Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny has-da ilerletmek maksady bilen, iň ýokary we...

DOWAMY
14 Noý

Türkmenistan korrupsiýa garşy halkara hyzmatdaşlygy goldaýar

2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Korrupsiýa garşy Halkara akademiýa (IACA) gatnaşyjy taraplaryň Assambleýasynyň 12-nji mejlisine gatnaşdy. Bu köptaraplaýyn maslahata dünýäniň ýurtlarynyň we hyzmatdaş halkara guramalaryň dürli derejedäki wekilleri gatnaşdylar we onuň dowamynda IACA-nyň işi, korrupsiýanyň öňüni almak we bu babatda halkara kadalaryň ýerine ýetirilmegi bilen bagly alnyp barylýan işler hem-de öňde duran wezip...

DOWAMY
11 Noý

Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşmalar geçirildi

2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli geňeşiniň agzasy, «Hidaýah» zorlukly ekstremizme garşy Halkara merkeziniň direktorlar geňeşiniň başlygy Ali Raşid Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şeýle hem köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň geljegini ar...

DOWAMY