RSS

SOŇKY HABARLAR

22 Noý

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pekinde Ykdysady hyzmatdaşlyk taslamalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisine gatnaşdy.  Mejlisiň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşmalar geçirildi, şunda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyk häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň köp ugurlar boýunça okgunly we yzygider...

DOWAMY
22 Noý

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanyldy

2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisinde Türkmenistan 2023-2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.   Bu Komitet sportuň ähmiýetini we ornuny giňeltmek hem-de ony döwlet syýasatynyň düzümine girizmek maksady bilen 1978-nji ýylda döredildi. Türkmenistan 2017-2021-nji ýyllar aralygynda hem ÝUNESKO-nyň bu düzüminiň agzalygyna saýlanyldy.

DOWAMY
21 Noý

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon gepleşigi barada

2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

DOWAMY
21 Noý

Türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlamak bilen, türkmen tarapynyň öňa döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmek ugrunda diplomatik işini ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi. Duşuşygyň dowamyn...

DOWAMY
19 Noý

Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi öz işini tamamlady

2023-nji ýylyň 17-18-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Mejlis Toparyň başlyklary - Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça özara bähbitl...

DOWAMY
18 Noý

Türkmenistan bilen Eýran hyzmatdaşlygy has-da berkitmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar

2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmen wekilýetine Toparyň türkmen tarapyndan başlygy – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk edýär, eýran wekilýeti Toparyň eýran tarapyndan başlygy – Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygynda gatnaşýar. Duşuşyga iki...

DOWAMY
18 Noý

Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri

2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen gepleşikleri geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşdylar. Şol bir wagtda, döwletara görnüşde, şeýle hem halkara we sebit düzümleriň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň depginli häsiýeti tassyklanyldy. Ministrler ýokary derejedäk...

DOWAMY