SOŇKY HABARLAR
Türkmen türgenleri Ýewropa çempionatynda medallara mynasyp boldular
Harkow şäherinde (Ukraina) 22 — 26-njy aprel aralygynda taýboks we garyşyk başa-baş tutluşyklar boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa 10 döwletiň toparlary, şeýle hem 16 türgenden ybarat bolan Türkmenistanyň ýygyndy topary gatnaşdy. Biziň türgenlerimiz ýaryşlaryň barşynda gowy çykyş edip, ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler we baýrakly orunlary eýelediler. 6-njy synp okuwçysy Seýdulla Akmämmedow 45 kilogram agram derejesinde,10-njy synp okuwçysy Sapar Amangeldiýew (50 kg),...
Aziýa çempionatynda boksçymyz bürünç medaly aldy
Bangkok şäherinde (Tailand Patyşalygy) 16 — 27-nji aprel aralygynda boks boýunça Aziýanyň çempionaty geçirilýär. Ýaryşlarda 35 ýurtdan dürli agram derejelerinde çykyş edýän 315 türgen medallar ugrunda bäsleşýär. Türkmenistanyň topary hem bu ýaryşa gatnaşýar. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde çykyş edýän, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýanyndaky «Olimp» orta sport mekdebiniň boks boýunça tälimçisi Nursähet Pazzyýew 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 3-nji orny...
DÖM ULGAMYNDA MEÝLETIN MILLI SYNYŇ TAÝÝARLANYLMAGY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI
2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegi ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagy boýunça Pudagara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Meýletin milli synyň taslamasynyň esasy aýratynlyklary, şol sanda dizaýny, grafikasy we statistiki maglumatlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaral...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BEÝIK BRITANIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmen-Britan Söwda we senagat geňeşiniň (TUКTIC) nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Beýik Britaniýanyň Lordlar Palatasynyň agzasy Baronessa Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň halkara guramalarynyň çäklerindäki we sebit derejesindäki ysnyşykly hyzmatdaşlygyna üns berdiler. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň aras...
DURMUŞ TAÝDAN GORAGLYLYK ULGAMYNYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGI BOÝUNÇA TASLAMANYŇ ÇÄKLERINDE KONSEPTUAL RESMINAMANYŇ SEREDILMEGI BOÝUNÇA DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Global gaznasynyň çäklerinde BMG-niň hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasyndaky “Inklýuziw we ýokary hilli durmuş hyzmatlary ýerli derejede ornaşdyrmagyň üsti bilen durmuş goraglylygy boýunça ulgamy kämilleşdirmek” teklip edilýän taslamanyň konsepsiýasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Me...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ XIV HALKARA RADIO FESTIWALYNA WE VI BÜTINDÜNÝÄ RADIO MASLAHATYNA GATNAŞMAGY
2019-njy ýylyň 22-24 apreli aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde XIV Halkara radio festiwaly we VI Bütindünýä radio maslahaty geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar. Şeýle-de bu çärelere 30 golaý ýurtdan dürli wekiliýetler gatnaşýar. Вu çäreleriň çäginde türkmen wekiliýeti bilen EYR-nyň Radio we telewideniýe guramasynyň ýolb...
WENGRIÝANYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE KABUL EDILDI
2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) jenap Peter Sante bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň barşynda taraplar ýola goýlan göni ga...