TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kasym Mohamed Salim Al Salhiden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Omanyň ilçisini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri a...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE EYR-NYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Saýed Mohammed Ahmadi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki doganlyk ýurduň Prezidentleri tarapyndan durmuşa geçirilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösüşi bellen...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ugurlary boýunça ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Taraplar şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň önjeýli işini ara aly...
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary bilen gitdi. Türkmen wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygynyň Energetika, senagat we mineral serişdeler ministri Halid bin Abdulaziz Al-Faleh bilen duşuşygy boldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy ugurlarynyň biri ol hem energetika diplomatiýasydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy...
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti jenap Maýtripala Sirisene bu ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi. “Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar. Dö...
Türkmenistanyň gaz diplomatiýasy: ählumumy durnukly ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine
Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda X Halkara gaz kongresiniň geçiriljek wagtyna çenli bir aýdan hem az wagt galdy, bu duşuşyga dünýäniň energetika bazaryna esasy gatnaşyjylar ýygnanar. Bu strategiki häsiýetli ulgamy mundan beýläk-de özgertmegiň ýolunda maýa goýum mümkinçiliklerini açmagyň çözgütlerini kabul etmek üçin binýady döredýän möhüm waka taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika topl...
STAMBULDA TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ ARASYNDA ENERGETIKA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy aprelinde Stambulda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistana “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Şahym Abdyrahmanow, Azerbaýjana – Energetika ministri Parwiz Şahbazow we Türkiýä – Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez wekilçilik etdiler. Duşuşygyň barşynda ýurtlaryň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we...