TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK WEKILI ÝUNESKO-DA IŞE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 13-nji iýunynda Pariž şäherinde Türkmenistanyň Ilçisi S.Jumaýew ÝUNESKO-nyň Baş Direktory hanym Odri Azulä özünin Türkmenistanyň bu Guramanyň ýanyndaky Hemişelik Wekili hökmünde bellenendigi baradaky hatyny gowşurdy. Gowşurylyş dabarasy tamamlanandan soňra, Ilçi S.Jumaýew bilen ÝUNESKO-nyň Baş Direktorynyň arasynda söhbetdeşlik boldy. Türkmenistanyň Ilçisi hanym Odri Azulä Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamyny we in gowy arzuwlaryny ýeti...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE LITWA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Waldas Lastauskas bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Litwanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi dialogynyň çäklerinde hem-de abraýly halkara guramalar, aýratyn-da, BMG bilen hyzm...
SINGAPUR RESPUBLIKASYNDA TÜRKMEN-SINGAPUR SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji iýunynda Singapurda Türkmenistanyň we Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Singapur tarapyndan geňeşmelere Singapuryň Daşary işler ministriniň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti boýunça orunbasary Ng Tek Hean ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hereketli guraly bolup çykyş edýän syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň t...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz öz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, gazak Liderini Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gutlaglar hem-de hoşn...
Innowasion tehnologiýalar — halkara ylmy maslahatyň wekilleriniň üns merkezinde
Paýtagtymyzda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara maslahat açyldy. Ylymlar gününe bagyşlanan foruma türkmen alymlary, şeýle hem dünýäniň 20 ýurdunyň ylmy toparlarynyň mugallymlary we ýaş alymlary gatnaşdy. Olaryň hatarynda Germaniýadan, Ispaniýadan, Bolgariýadan, Çehiýadan, Belarusdan, Russiýadan, Polşadan, Ukrainadan, Gruziýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Müsürden we beýleki ýu...
TÜRKMENISTANDA TERRORIZMI MALIÝELEŞDIRMEKLIGE WE PUL SERIŞDELERI BILEN ÜPJÜN ETMEKLIGE GARŞY ULGAMDA ÖŇDEBARYJY TEJRIBELERI ALYŞMAK BOÝUNÇA ÝHHG-NIŇ MASLAHATY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 10‒11-nji iýunynda Aşgabatda ÝHHG-niň ýardam bermeginde «Bellenilen maliýe däl kärhanalary we hünärleri pudagynda terrorizmi maliýeleşdirmeklige we pul serişdeleri bilen üpjün etmeklige garşy öňdebaryjy tejribe» atly maslahat geçirildi. Çäre ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, şeýle hem agzalan ministrligiň ýanyndaky Maliýe gözegçilik gullugy tarapyndan guraldy. Maslahat bellenilen maliýe däl kärhanalary we hünärleri pudagynda...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) Baş sekretary B.Amreýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmeginde Türki geňeşiň möhüm ähmiýetini belläp geçdiler, bu bolsa tutuş sebitde ykdysady hem-de medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýändir. Gepleşikleriň...