TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA ADAM SÖWDASYNYŇ ÖŇÜNIŇ ALYNMAGY BOÝUNÇA MHG-NYŇ OKUW SAPAGY GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda Migrasiýa boýunça halkara guramasy (MHG) tarapyndan guralan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri we bilim edaralarynyň hünärmenleri üçin niýetlenen okuw sapagy öz işine başlady. Okuw sapagyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, Adalatçysynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Adalat, Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň, D...
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas we Ogaýo ştatlarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly wakalar zerarly, çuňňur gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çek...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan we Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, owganystanly işewürler bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, ABŞ-dan, Gonkongdan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna re...
Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň kuwwaty artýar
Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmak, onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça tassyklan maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bu pudaga möhüm ähmiýet berilýär. Ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, dünýäniň energetika bazarlarynda onuň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň birnäçesi...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI S.W.LAWROW BILEN SÖHBETDEŞLIK
Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň redaksiýasyna birinji Hazar ykdysady forumy hakynda beren sowalyna jogaby Sowal: Hazar gün tertibiniň ilerledilmeginde, Hazarda köpugurly hyzmatdaşlygyň formatynyň pugtalandyrylmagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine Siz nähili baha berýärsiňiz? Jogap: Hazar sebitiniň ykdysady ösüş meselesiniň netijeli hem-de özarabähbitli esasda çözülmegi 2018-nji ýylyň awgus...
OWGANYSTANYŇ HYRAT WELAÝATYNYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2019-njy ýylyň 30-njy iýuly – 2-nji awgusty aralygynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň häkimi Abdul Kaýum Rahiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem-de Aşgabat şäherinde saparda bolýar. Wekiliýetiň Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň häkimi hem-de degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy....
TÜRKMENISTANDA GAÝTADAN DIKELDILÝÄN ENERGIÝANYŇ ÖSDÜRILMEGI BOÝUNÇA HALKARA TEGELEK STOLY AŞGABATDA GURALDY
2019-njy ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti» atly halkara tegelek stoly geçirildi. Tegelek stoluň işine Türkmenistanyň Energetika, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleri bilen birlikde birnäçe pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA), ÝHHG-niň, BMG-niň Ö...