TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen BMG «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamany kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyz üçin ähmiýetli wakalara bagyşlanylan sanly ulgam arkaly wideokonferensiýa geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan möhüm resminama — 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz wideokonferensiýany açyp, Birleşen Mille...
Jiu-jitsu boýunça ýaş ussatlarymyzyň üstünlikleri
Rumyniýanyň Buharest şäherinde 13-15-nji sentýabr aralygynda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda “Ju Jitsu Balkan Open World Cup-2019” jiu-jitsu boýunça dünýä kubogy ugrunda ýaryşlar geçirildi. Oňa Türkmenistan bilen birlikde 27 ýurtdan türgenleriň 1 müň 288-si gatnaşdy. Bu ýaryşda ýurdumyza pälwanlaryň bäşisi wekilçilik etdi. Ýaryşlaryň netijeleri boýunça 34 kilograma çenli agram derejesinde Aşgabat şäheriniň 107-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Muhammetaly Gurbanow kumuş medal gaz...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynda Daşary işler ministri R.Meredow bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary I.W.Petrişenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky netijeli ösüşini işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatla...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Irlandiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna reňksiz aýnany we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 876 müň...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasary P.Agamyradow, azerbaýjan tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Birinji Orunbasary Ýagub Eýubow ýolbaşçylyk etdiler. Mejlisiň başynda taraplar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň we Aze...
AŞGABATDA GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ MEJLISI
2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisi geçirildi. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýokary derejeli wekiliýetleri geldiler. Mälim bolşy ýaly, GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisine GDA gatnaşyjy-döwletleriň hökümet baştutanlarynyň orunbasar...
AŞGABATDA «TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA SENAGATYNYŇ ÖSÜŞINIŇ ESASY UGURLARY» ATLY HALKARA SERGISI WE YLMY MASLAHATY GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda ýurduň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Energetika ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Oňa köp sanly daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Belarusdan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden...