TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz myhmany mübärekläp, baýramçylyk günlerinde gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda duşuşmaga şatdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň BMG t...
Türkmenistanyň DIM-de ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa Germany kabul etdi. Iri halkara guramanyň wekili duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdi hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk, saýlap alan ösüş ýolunda üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle-de ol ö...
Türkmenistanyň DIM-de Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) täze bellenilen Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, MHG-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Serhan Aktopragyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapy myhmany täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt bildirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen MHG-niň özara gatnaşyklarynyň d...
Daniýa Patyşalygynyň täze Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Ýesper Waryň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. A.Gurbanow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny...
Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Žülýen de Freponyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasy ugurlary we geljegi...
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa Germanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglanmagy bilen gutlady. Häzir...
Braziliýanyň Ilçisi ynanç hatylarynyň nusgalaryny Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine gowşurdy
2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Marsel Fortuna Biatonyň (oturýan ýeri Astana ş.) arasynda duşuşyk geçirildi. Braziliýanyň Ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasaryna ynanç hatylarynyň nusgalaryny gowşuryp, bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşykda taraplar syýasy-dipl...