RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Few

BITARAPLYGA BAGYŞANAN ÝANWAR AÝYNDAKY MASLAHATYŇ JEMLEÝJI RESMINAMASY BMG-NIŇ BA-NYŇ 74-NJI SESSIÝASYNYŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BEÝAN EDILDI

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygyny belläp geçýär. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň çäginde we onuň daşynda dürli derejedäki maslahatlar, forumlar, sergiler guralýar.   Şunuň bilen baglylyk-da, şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda “Türkmenistan  we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy...

DOWAMY
pic
16 Few

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we peç ýangyjyny satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen we tehniki kükürt Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den...

DOWAMY
pic
14 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ ARASYNDAKY 2016-2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN ÖSÜŞ MAKSATLARYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNYŇ ÇÄKLERINDE MEJLIS GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky 2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş maksatlarynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň Milli ýolbaşçylyk ediji hem-de utgaşdyryjy komitetiniň (ÖHÇM) nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň weki...

DOWAMY
pic
13 Few

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Maliýe — ykdysadyýet ulgamy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçen, 2019-njy ýylyň makroykdysady netijeleri Garaşsyz, berkarar ata Watanymyzyň agrar ýurt bolmagyndan senagat taýdan ösen döwlete öwrülendiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol özgertmeler mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär. Diýarymyz Garaşsyzlygynyň 28-nji ýylynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda «Döwlet adam üçindir!»...

DOWAMY
pic
13 Few

TÜRKMENISTAN BILEN GRENADANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLAR ÝOLA GOÝULDY

2020-nji ýylyň 13-nji fewralynda Moskwa şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Grenadanyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy bolup geçdi. Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Niýazliýew bilen Grenadanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Oleg Fireri...

DOWAMY
pic
13 Few

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝB–MERKEZI AZIÝA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2020-nji ýylyň12-13-nji fewralynda Brýusselde daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB–Merkezi Aziýa iş toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Maslahatyň işine Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi  we suw serişdeleri ulgamlarynyň hünärmenleri we bilermenleri gatnaşdylar.   Maslahat daşky gurşaw we suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ÝB–Merkezi Aziýa platformasynyň çäklerinde guralan bolup...

DOWAMY
pic
12 Few

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: nebitgaz toplumy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de onuň halkara energoulgama depginli goşulyşmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň bu ulgamda amala aşyrýan iri möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem örän uly orun tutýar. Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň ikinji mejli...

DOWAMY