RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Mar

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 60-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de nebit ýol bitumyny, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň dizel ýangyjyny satyn aldylar. Russiýanyň we BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň polipropilenini satyn ald...

DOWAMY
pic
19 Mar

Türkmenistan doganlyk Eýrana ynsanperwerlik kömegini berýar

Hoşniýetli goňşuçylygyň asyl däplerine we ýokary adamkärçilik gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, doganlyk ýurduň çäginde täze koronawirus ýokanç keseli tarapyndan ýüze çykarylan ýiti respirator keselleriniň ýaýramagy bilen baglylykda Eýran Yslam Respublikasyna gaýragoýulmasyz serişdelerden, şol sanda lukmançylyk esbaplaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegi berildi.

DOWAMY
pic
17 Mar

Вниманию всех граждан

Консульство Туркменистана в Республике Казахстан (г.Актау) информирует, что въезд граждан Туркменистана и иностранных государств в Туркменистан осуществляется только через пункты пропуска «Фарап», автодорожные терминалы и международные аэропорты.

DOWAMY
pic
14 Mar

Türkmenistan we BMG uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrlar

2020-nji ýylyň 14-nji martynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu resminama Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda dürli ugurlar boýunça, şol sanda ykdysady durnuklylygyň we ösüşiň saklanylmagy, ilatyň durmuş hukuklarynyň goragy, saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi we ekologiki deňagramlylygynyň saklanylmagy ýaly ileri tutulýan ulg...

DOWAMY
pic
11 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERI BAKUDA DÖWLETARA HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEGIŇ WE ÇUŇLAŞDYRMAGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapar bilen gitdi. Birnäçä wagtdan soňra Prezidentiň howa gämisi iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menzilinde gondy. Azerbaýjanyň paýtagtynyň howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşy aldylar.    Howa menzilinden Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni Azerbaýjanyň Prezidentiniň «Zagulba» ka...

DOWAMY
pic
11 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY

Şu gün, 2020-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary başlandy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy geçiriler, onuň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

DOWAMY
pic
8 Mar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy

Geçen 2019-njy ýyl milli ykdysadyýetimizi batly depginler bilen ösdürmek arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine beslendi. Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy bolsa ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak arkaly, degişli düzümi döwrebaplaşdyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen özgertmeler yzygiderli geçirilýär. Syn berilýän ýylda horma...

DOWAMY