SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI TÜRKMEN-GERMAN SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNYŇ DERWAÝYS MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2021-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar Komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn özara hereketleriň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depgini bellenil...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändigi nygtaldy. Taraplar howpsuzlyk, energiýa, ulag, daşky gurşawy g...
TÜRKMENISTANYŇ WE YHG-NIŇ ÖZARA HEREKETLERINIŇ ILERI TUTULÝAN MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 16-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş Sekretary Hadi Süleýmanpur bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda YHG-niň işleriniň ýygjamlaşdyrylmagy hem-de «YHG-niň 2025-nji ýyla çenli Garaýşyna» laýyklykda işlenilip taýýarlanylan meýilnamalaryň we maksatnamalaryň talabalaýyk durmuşa geçirilmegi üçin guramanyň beýleki agza-ýurtlary bilen hereketleriň utgaşdyrylmagynyň derwaýyslygy ugrunda ikitaraplaýyn gatnaşyklar...
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
Şu gün, 16-njy iýunda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy oňyn häsiýetlendirdiler. «ÝB – Türkmenistan» bilelikdäki Komitetiň çäklerinde yzygider gepleşikler arkaly berkidilýän işjeň syýasy-d...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ YLYM WE TEHNOLOGIÝALAR BOÝUNÇA IKINJI SAMMITINIŇ ÇÄKLERINDE MÖHÜM BAŞLANGYÇLARYŇ BIRNÄÇESINI YGLAN ETDI
2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň başlyklyk etmeginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy. “Ylym, tehnologiýa we innowasiýalar: täze gözýetimler açylýar” atly sammite YHG agza ýurtlaryň birnäçesiniň döwlet Baştutanlary, ugurdaş ministrlikleriniň we beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumyň gün...
Daşoguz we balkan welaýatlarynyň gallaçylary bugdaý oragyna girişdiler
Türkmenistanda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga 4-nji iýunda başlan Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň yz ýany bilen, şu gün Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem bugdaý oragyna girişdiler. Möwsümiň başlanmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly 2-nji iýunda geçirilen iş maslahatynda ak pata berdi. Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda oragyň başlanmagynyň öňüsyrasynda welaýat we etrap häk...
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdum...