TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI
Şu gün, 26-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistana sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy meýilleşdirilýär. Şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşar.
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary,...
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP DAŞARY ÝURTLARDA ÇAP EDILEN ÝÖRITE NEŞIRLERIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda žurnallaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan hem-de döwletimiziň ýeten sepgitlerini şöhlelendirýän ýörite sanlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary ýurtlarda işleýän Türkmenitsanyň Ilçileri we konsullary, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlary...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNDAKY WIDEOÝAZGY ÇYKYŞY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 21-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki wideoýazgy çykyşyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we mugallymlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary...
ÝURDUMYZYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGYNYŇ ÖŇÜSYRASYNDA MÜŇLERÇE ADAMA TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGY BERILDI
2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda pederlerimiziň ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda 2 657 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem döw...
«C5+1» FORMATYNYŇ ÇÄKLERINDE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE ABŞ-NYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «C5+1» formatyndaky onlaýn duşuşygy geçirildi. ABŞ-nyň Döwlet sekretary hem-de Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri «C5+1» sebitleýin diplomatik platformasynyň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen, onuň 2021-nji ýylyň dowamynda owgan meseleleriniň, COVID-19, ykdysady gatnaşyklaryň hem-de howanyň üýtgemeginiň...
DAŞARY ÝURT ŽURNALLARYNYŇ TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÝÖRITE SANLARY NEŞIR EDILDI
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda türkmen döwleti öz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär. Bu şanly sene mynasybetli, Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda dürli çäreler we dabaralar, şeýle hem garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ýeten sepgitlerine bagyşlanan ýörite şekillendirilen neşirler çap edilýär. Şeýlelikde, baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkiýe Respublikasynyň «Ýerli düşünce» we «Istanbool Today», Awstriýa Respublikasynyň «Galkyn...