TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2022-nji ýylyň 26-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda milli Liderimiz türk kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjyndan sagalandyklaryna örän şatdygyny belledi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady hem-de berk jan s...
“TÜRKMENISTANY TEMMÄKIDEN AZAT ÝURDA ÖWÜRMEK BOÝUNÇA 2022-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN MILLI MAKSATNAMASYNYŇ” KABUL EDILMEGI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 26-njy fewralynda paýtagtymyzyň “Garagum” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda, “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň” kabul edilmegi boýunça brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň wekilleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, A...
TÜRKMENISTAN BILEN TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA GATNAŞYKLARY GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministri Mehmet Muş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ýokary döwlet derejesindäki özara ynanyşykly syýasy dialogyň esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň depginine kanagatlanma bilen ýokary baha berdiler. Iki halkyň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna itergi be...
«GURLUŞLAÝYN DIALOGYŇ» ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ MINISTRLERINIŇ DEREJESINDE GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk görnüşindäki «Gurluşlaýyn dialogyň» çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we Ösüş boýunça ministrliginiň Günorta we Merkezi Aziýanyň, BMG-niň we Arkalaşygyň işleri boýunça ministri Lord Tarik Ahmad bilen duşuşygy geçirildi. Interaktiw gepleşikl...
TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY «GURLUŞLAÝYN DIALOG» ÖZ IŞINI DOWAM ETDI
2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk görnüşindäki «Gurluşlaýyn dialog» iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi. Şu günki gepleşiklerde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň hem-de Beýik Britaniýanyň DIM-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Jastin Mak Kenziniň giriş çykyşlary diňlenil...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE “TÜRKMENISTAN - ABŞ” IŞEWÜRLIK GEŇEŞINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Türkmenistan - ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz E.Stýuart bilen mähirli salamlaşyp, dostlukly türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine esasy orun berilýär. Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony...
DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY BMG-NIŇ SAÝLAWLARY GEÇIRMEKDE ÝARDAM BERMEK BOÝUNÇA WEKILI BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň syýasy we parahatçylyk gurujylyk meseleleri boýunça Departamentiniň Saýlawlaryň geçirilmeginde ýardam bermek boýunça bölüminiň Direktory Kreýg Jenness bilen duşuşyk geçirdi. Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen strategiki hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler. Bu ugurda, derwaýys halkara hem-de...