TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY
2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menziline gondy. Uçaryň öňünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow hem-de beýleki resmi adamlar, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Soňra döwlet Baştutanymyzyň awt...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN BAE-NIŇ ENERGETIKA WE INFRASTRUKTURA MINISTRI SUHAÝL AL MAZRUINYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazruinyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-emirat gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň arasyndaky ýokary ýolbaşçylarynyň arasyndaky ynamly gepleşiginiň ýokary derejesi aýratyn bellenildi. Şeýle-de ministrler döwletleriň halkara guramalarynyň, hususan-da BMG...
HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ KOMITETINIŇ HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA KIÇI KOMITETINIŇ 8-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 12-nji iýulynda wideoaragatnaşyk arkaly iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň başlyklyk etmeklerinde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 8-nji mejlisi geçirildi. Taraplar 2021-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen kiçi komitetiň ýedinji mejlisinden bäri alnyp barlan işleriň netijelerine seretdiler, şeýle-de wekiliýetleriň agzalarynyň — iki döwletiň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň hasabatl...
TÜRKMENISTAN WE ÝHHG HYZMATDAŞLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR
2022-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabatda "Türkmenistan we ÝHHG: üstünlikli hyzmatdaşlyga 30 ýyl" atly maslahat geçirildi. Maslahat, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan gurnaldy. Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň, edaralaryň we guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministr...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÜMKINÇILIKLERINI GIŇELTMEK BOÝUNÇA ÖZARA MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň baştutanlygyndaky wekilýeti bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary barada özara gürrüňdeşlik etmek bilen, onuň ulgamlaýyn esasda şeýle hem, yzygiderli ösüşle...
NÝU-ÝORKDA DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÇÄRE GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) halkara ulag geçilgesi boýunça Hökümetara topary, Hökümetara ýolagçylar geňeşi we Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkezi bilen bilelikde gibrid görnüşde 2022-nji ýylyň BMG-niň Ýokary derejesindäki Syýasy forumynyň çäklerinde «Blokçein tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly global üpjünçilik zynjyryny dolandyrmagy sanlaşdyrmak» atly çäräni geçirdi. Çärän...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE “TEGELEK STOL” GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BSG-nyň baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançeniň ýolbaşçylygynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekilýetiniň hem-de Türkmenistanyň BSG-na goşulmagynyň meselelerini öwrenmek boýunça döredilen Hökümet toparynyň arasynda “tegelek stol” geçirildi. Şeýle hem, bu çärä Türkmenistanda akkreditasiýa edilen daşary ýurtlarynyň diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar....