SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-nde Hindistan Respublikasynyň DIM-niň Sekretary bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hindistan Respublikasynyň DIM-niň Günbatar işleri boýunça Sekretary Sibi Jorjyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkme-hindi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny, şeýle hem sebitleýin we halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ýo...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagda...
Состоялись переговоры между главами внешнеполитических ведомств Туркменистана и Австрийской Республики
19 января 2026 года в формате видеоконференцсвязи состоялась встреча Министра иностранных дел Туркменистана Рашида Мередова с Федеральным министром по европейским и международным делам Австрии Беатой Майнл-Райзингер. В ходе встречи стороны обсудили широкий круг вопросов, касающихся двусторонних связей в политико-дипломатической, торгово-экономической и культурно-гуманитарной сферах. Стороны высоко оценили сотрудничество Туркменистана и Австрийской Республики в рамках многосторонних структу...
KHBS üçin maglumat
2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçraýan Rona atly eýran ýük gämisinden SOS signalyny aldylar. Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak bilen bagly döwlet edaralary tarapyndan deňiz gatnawynyň düzgünlerini kadalaşdyrýan halkara kadalara laýyklykda gämidäki adamlary halas etmek boýunça ähli zerur çäreler görüldi. Wagtynda geçirilen işleriň netijesinde gämide bolan 14 adamyň ähli...
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary
2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iň ýokary we ýokary derejeli geljekki saparla...
Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary we iň ýokary derejeli saparlary, şeýle hem iki doganlyk ýurduň liderleriniň hem-de wekilleriniň arasynda...
Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebitleýin we halkara meseleleriniň birnäçesine seredilip geçildi, şeýle hem öň gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde 2026-njy ýylda işleri durmuşa geç...