RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Sen

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Türkmen halkynyň ynsanperwerlik hem-de goňşyçylyk däplerine esaslanyp, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Pakistan Yslam Respublikasynda bolup geçýän tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we tele...

DOWAMY
pic
3 Sen

В целях совершенствования и ведения на системной основе правил пребывания граждан Туркменистана в Турецкой Республике, Туркменская сторона обратилась к государству Турецкой Республики с просьбой ввести на временной основе режим виз различных категорий для

Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe Respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, türkmen tarapy Türkiýe Respublikasynyň döwletine Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegi barada ýüzlendi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.

DOWAMY
pic
2 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew Gazagystan Respublikasyna iş saparda bolýar. 2022-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda DIM-niň binasynda Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary E.B.Konuspaýew bilen türkmen wekilýetiniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-hem pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi...

DOWAMY
pic
1 Sen

RUMYNIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşurmak bilen, döwlet Baştutanymyza Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannisiň mähirli salamyny hem-de onuň özygtyýarly ösüş ýolundan ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigi baradaky sözl...

DOWAMY
pic
1 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ VII GURULTAÝYNDAKY ÇYKYŞY

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar ýaşlary! Hormatly professor-mugallymlar! Gadyrly gurultaýa gatnaşyjylar! Şu gün ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Men siziň ähliňizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bu şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ähli bilim işgärlerine, talyp we okuwçy ýaşlarymyza berk jan saglyk hem-de uly üstünlikleri arzuw edýärin. Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähr...

DOWAMY
pic
1 Sen

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ VII GURULTAÝYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan foruma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň dowamynda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu guramanyň ö...

DOWAMY
pic
29 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “GAZPROM” AÇYK GÖRNÜŞLI PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ MÜDIRIÝETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 29-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de öz ýolbaşçylyk edýän iri energetika kompaniýasyny...

DOWAMY