TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-HYTAÝ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Pekinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen gepleşikleri geçirildi. Duşuşykda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň ugurlarynda hyzmatdaşlygyň çalt depginde ösýändigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde, R.Meredow netijeli we hemmetaraplaýyn türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygynyň esasy görkezijisiniň iň ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikler we duşuşyklar bolup durýandygy...
TÜRKMENISTAN WE “EURONEWS” TELEÝAÝLYMY UZAK MÖHLETLEÝIN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGI MAKSAT EDINÝÄR
2023-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistana iş sapary bilen gelen “Euronews” Ýewropa habar beriş teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşykda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we teleýaýlymyň satuw we hyzmatdaşlyk boýunça wise-prezidenti Silwian Žan Iw Rože soňky on ýylyň dowamynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy we onuň çäginde Türkmenistanda bolup geçen möhüm wakalary şöhlelendirmek üçin durmuşa geçirilen bi...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
Hormatly döwlet Baştutanlary! Hormatly wekiliýetleriň agzalary! Ilki bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Nurgožoýewiç Žaparowa şu mejlisiň guralandygy, hoşniýetlilik, myhmansöýerlik we netijeli işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Biziň şu günki duşuşygymyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ählumumy we sebit gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça yzygiderli, köpugurly dialogyň dowamy bolup durýar. Arkalaşygyň...
GDA döwletleri Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahata çagyryldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkalaşygyň döwletlerini geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahatyň birinji mejlisine çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Bişkekde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek barada Türkmenistanyň teklipleri Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň formaty...
Türkmenistanyň Prezidenti Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny tassyklady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde agzalan Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny tassyklady. Bu barada döwlet Baştutanymyz Bişkekde geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde belläp geçdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, soňky döwrüň halkara wakalary parahatçylygy saklamagyň, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň dünýä syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary...
Türkmenistanly talyplar maliýe howpsuzlygy boýunça III Halkara olimpiadasynyň ýeňijileri boldular
Oktýabr aýynyň ilkinji ongünlüginde Russiýanyň Soçi şäherindäki Siriusyň federal çäginde geçirilen maliýe howpsuzlygy boýunça III Halkara olimpiadasynda Türkmenistandan üç talyp baýrak aldy. Ikinji derejeli diplomlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklar fakultetiniň bäşinji ýyl talyby Meýlis Hojamyradowa we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara ykdysadyýeti fakultetiniň dördünji ýyl talyby Begli Berdim...
Türkmenistanyň Prezidenti Bişkekde GDA-nyň Sammitine gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkege iş saparynyň barşynda ýokary derejedäki kiçi düzümdäki duşuşyk bilen başlanan GDA agza ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşýar. Kiçi düzümdäki duşuşykdan soňra taraplaryň hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda GDA agza ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň giňeldilen düzümdäki mejlisi geçiriler. Sammitiň gün tertibi Arkalaşygyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, dürli ulgamlarda bar bolan kuwwatdan...