RSS

SOŇKY HABARLAR

18 Iýul

TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR ULAG HYZMATDAŞLYGYNY DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRMAGA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GURNALDY

2022-nji ýylyň 18-nji iýulynda Aşgabatda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly iki günlük halkara maslahat öz işine başlady.  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran wekilçilikli forumyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, halkara guramalaryň we maliýe edara...

DOWAMY
15 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY TAMAMLANDY

15-nji iýulda irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatyna tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa mähirli garşylady. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiziň özbek parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berd...

DOWAMY
15 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ SYÝASY WE PARAHATÇYLYK GURLUŞYK MESELELERI BOÝUNÇA DEPARTAMENTINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Syýasy we parahatçylyk gurluşyk meseleleri boýunça departamentiniň wekili Swetlana Galkina bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler. Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýene bir doly özleşdirilmedik ugurlaryň biri...

DOWAMY
14 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY

2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menziline gondy. Uçaryň öňünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow hem-de beýleki resmi adamlar, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Soňra döwlet Baştutanymyzyň awt...

DOWAMY
13 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN BAE-NIŇ ENERGETIKA WE INFRASTRUKTURA MINISTRI SUHAÝL AL MAZRUINYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazruinyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-emirat gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň arasyndaky ýokary ýolbaşçylarynyň arasyndaky ynamly gepleşiginiň ýokary derejesi aýratyn bellenildi. Şeýle-de ministrler döwletleriň halkara guramalarynyň, hususan-da BMG...

DOWAMY
13 Iýul

HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ KOMITETINIŇ HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA KIÇI KOMITETINIŇ 8-NJI MEJLISI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 12-nji iýulynda wideoaragatnaşyk arkaly iki ýurduň Daşary işler  ministrleriniň orunbasarlarynyň başlyklyk etmeklerinde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 8-nji mejlisi geçirildi. Taraplar 2021-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen kiçi komitetiň ýedinji mejlisinden bäri alnyp barlan işleriň netijelerine seretdiler, şeýle-de wekiliýetleriň agzalarynyň — iki döwletiň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň hasabatl...

DOWAMY
7 Iýul

TÜRKMENISTAN WE ÝHHG HYZMATDAŞLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR

2022-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabatda "Türkmenistan we ÝHHG: üstünlikli hyzmatdaşlyga 30 ýyl" atly maslahat geçirildi. Maslahat, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan gurnaldy. Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň, edaralaryň we guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministr...

DOWAMY