TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ekologiýa, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi barada pikir alşyldy we geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Ministriň belleýşi ýaly, Türkmenistan howanyň üýtge...
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetleriň başlyklary R.Meredowyň we H.Tsubaýyň arasynda söhbetdeşlik geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljegi barada giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi. R.Meredow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly we uzakmöhletleýin häsiýetini belledi...
Türkmenistan bilen UNEP-iň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
2023-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek dabarasy geçirildi. Bu resminama Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow hem-de UNEP-iň Senagat we ykdysadyýet bölüminiň müdiri Ş.Agarwal-Han gol çekdiler. Resminamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm taraplarynda...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2023-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasakini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň mähirli salamyny, şeýle hem Ýaponiýanyň Imperatorynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ygtybarly binýady goýlan türkmen-ý...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2023-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny we türkmen halkyna pa...
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary “Sakura” maksatnamasyna gatnaşdylar
2023-nji ýylyň 4-11-nji noýabry aralygynda Tokioda geçirilen “Sakura” ylmy alyş-çalyş maksatnamasyna Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Bu maksatnamanyň işiniň çäklerinde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow 2023-nji ýylyň Türkmenistanda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilendigi we halkara derejesinde ýaşlar syýasaty babatynda geçirilýän çäreleriň ilerledilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy...
Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisiniň Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary bilen duşuşygy
2023-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ahmad Hassen Al-Hammadi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny nygtadylar. Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny has-da ilerletmek maksady bilen, iň ýokary we...