RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Noý

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tegelek stol geçirildi

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gynamalara garşy konwensiýa (OPCAT) goşmaça teswirnamanyň hödürlenmegine bagyşlanan gibrid görnüşinde tegelek stol geçirildi. Çäräniň işine ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin pudagara toparynyň agzalary, Aşgabatda akkreditirl...

DOWAMY
pic
27 Noý

A media forum dedicated to the XIV World Kurash Championship was held in Ashgabat

On November 25, the international media forum “World Kurash Championship – in the world media” was held in the conference hall of the Sport Hotel. Representatives of the relevant ministries and state agencies of Turkmenistan, correspondents from national and foreign media, as well as the leadership of the International Kurash Association took part in the forum. The forum covered current organizational and protocol issues. Particular emphasis was placed on aspects of information support for...

DOWAMY
pic
25 Noý

Делегация Туркменистана приняла участие в Саммите СПЕКА

24 ноября 2023 года в Баку состоялся первый Саммит глав государств и правительств государств-участников Специальной программы Организации Объединённых Наций для экономик Центральной Азии (СПЕКА), в котором приняла участие делегация Туркменистана под руководством Заместителя Председателя Кабинета Министров Туркменистана Х.Гельдымурадова. В ходе встречи участники обменялись мнениями по ключевым вопросам партнёрства стран-участниц в рамках СПЕКА за 25-летнюю историю со дня основания Специальной...

DOWAMY
pic
25 Noý

Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň bellenmegi ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi

2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESСO) Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen kararnama laýyklykda, Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň  2024-2025-nji ýyllarda UNESСO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bu waka dünýä edebiýatynda we halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan türkmen nusgawy...

DOWAMY
pic
25 Noý

Türkmenistan bilen Gananyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabatda sapar bilen bolýan Gana Respublikasynyň Daşary işler we sebitleýin integrasiýa ministriniň orunbasary Kwaku Ampratwum Sarpongomyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Söhbetdeşlikleriň barşynda Ministr iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlaryň giň geriminde özara gatnaşyklary has-da güýçlendirmek nukdaýnazryndan, ýakynda iki ýurduň daşary...

DOWAMY
pic
24 Noý

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon gepleşigi barada

2023-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm mowzuklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary syýasy edaralarynyň baştutan...

DOWAMY
pic
24 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2023-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. Ynanç hatyny gowşurmak bilen, diplomat Döwlet Baştutanymyza Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billanyň we Premýer-ministri Anwar bin Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de öz ýurdunda özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen dostlukly...

DOWAMY