TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
ÝAŞLAR SYÝASATY ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda öňe sürlen Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimow...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMEN-AWSTRIÝA JEMGYÝETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Medeni ulgamda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Awstriýanyň medeniýet we sung...
ITALIÝANYŇ EXPO-2030 GEÇIRMEKLIGE DALAŞGÄRLIK KOMITETINIŇ ÝÖRITE ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Italiýa Respublikasynyň EXPO-2030 geçirmeklige dalaşgärlik komitetiniň Ýörite Ilçisi Romeo Orlandi bilen duşuşygy gecirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada durup geçdiler. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ikitaraplaýyn görnüşde...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ABŞ SAPARY TAMAMLANDY
Şu ýylyň 24-nji aprelinde türkmen wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy. Ozal habar berilşi ýaly, Waşingtonda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýene bir tapgyry geçirildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Entoni Blinkeniň arasynda gepleşikler geçirildi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň başlygy Erik Stýuart bilen duşuşygy hem geçirildi. Amerik...
ABŞ-DA TÜRKMEN-AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Elizabet Horst ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň bilel...
ABŞ-NYŇ ÝARAGLY GÜÝÇLERINIŇ MERKEZI SERKERDELIGINIŇ BAŞ SERKERDESI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen ABŞ-nyň Ýaragly Güýçleriniň Merkezi serkerdeliginiň Baş serkerdesi general Maýkl Kurillanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar howpsuzlyk we sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda sebitdäki we Owganystandaky ýagdaý barada özara pikir alyşyldy. Ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamanyň...
SUW SERIŞDELERINIŇ NETIJELI PEÝDALANYLMAGY BARADA YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Howanyň üýtgemeginiň çygrynda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanmagy» atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň, beýleki degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleri...