RSS

SOŇKY HABARLAR

6 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGYNYŇ PATYŞASYNA TÄÇ GEÝDIRMEK DABARASYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýada iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy. Täç geýdirmek dabarasy Westminster ybadathanasynda geçdi.

DOWAMY
5 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BEÝIK BRITANIÝA IŞ SAPARY BAŞLANDY

2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow britan tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Beýik Britaniýa ugrady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna täç geýdirilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşmagy dostluk, özara horma...

DOWAMY
5 Maý

EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY BAŞ KONSULY ÖZ WEZIPELERINI ÝERINE ÝETIRMÄGE GIRIŞDI

2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Baş konsuly (Mary ş.) Abdolmajid Kamju bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda EYR-nyň Baş konsuly Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasaryna öz Konsullyk patentini gowşurdy. Öz gezeginde, B.Mätiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Baş konsulyny täze işe girişmegi bilen gutlamak bilen, oňa k...

DOWAMY
4 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HALKARA FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 4-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi. Döwlet Baştutanymyz sahawatly türkmen topragynda myhmany mähirli mübärekläp, ilki bilen, ony Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady hem-de bütin dünýäde futboly ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi....

DOWAMY
4 Maý

TÜRKMEN-RUS STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýewiň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Galuzin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, taraplar hyzmatdaş...

DOWAMY
4 Maý

AŞGABATDA TÜRKMEN-KATAR HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 4-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň we Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraihiniň ýolbaşçylyk etmeklerinde iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň wekiliýetleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça amala aşyrylýan köpugurly hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň...

DOWAMY
4 Maý

AŞGABATDA ULAG BOÝUNÇA HALKARA MASLAHATYNYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2023-nji ýylyň 4-nji maýynda, Aşgabatda "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023" atly halkara maslahaty we sergisi öz işini tamamlady. Aşgabatda geçirilen bu foruma 45 ýurtdan 800-den gowrak wekil gatnaşdy we olaryň arasynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary (BMG, ESCAP, ÝHHG, USAID, IRU, TRACECA), milli we halkara ulag we logistika...

DOWAMY