TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Ukrainanyň Ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar
2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda türkmen-ukrain ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary barada pikir alyşmalar boldy. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meselelere degip geçdiler. Duşuşygyň...
Somali Federatiw Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Somali Federal Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Fathudin Ali Muhammediň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-somali gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň ikitaraplaýyn...
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistanyň Prezid...
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad M. Hany kabul etdi. Iri sebit guramasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, YHG-nyň ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle-de Asad M. Han guramanyň...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp...
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Açilbaý Ramatowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryma...
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň federal ministrini kabul etdi
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň meýilleşdiriş, ösüş we ýörite başlangyçlar boýunça federal ministri Ahsan Ikbaly kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, Pakistanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi...