Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Nygtalyşy ýaly, umumy taryhy we medeni kökler hem-de çäk taýdan ýakynlygy bilen baglaşylan döwletlerimiz onlarça amala aşyrylan we meýilleşdirilen bilelikdäki taslamalara eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirýärler. Taraplar ynanyşmak we özara hormat goýmak häsiýetleri bilen tapawutlanýan hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maksat edinýändiklerini bellediler.

Şunuň bilen birlikde, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça meýilleşdirilen işleriň amala aşyrylmagynyň häzirki döwürde täze derejelere çykýan söwda-ykdysady döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine gönüden-göni ýardam berjekdigi bellenildi. Gaz we ektroenergetika ulgamlary, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy, syýahatçylyk we beýleki pudaklar döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmakda Hökümetara türkmen-eýran toparynyň işiniň ähmiýetine üns çekildi.

Iki goňşy döwletiň Baştutanlary netijeli ynsanperwer gatnaşyklaryny höweslendirmegiň wajypdygyny nygtap, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklary ösdürmegiň, şeýle hem bilelikdäki çäreleri guramak tejribesini dowam etdirmegiň tarapynda çykyş etdiler.