Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik Al Saide we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Oman Soltanlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, Türkmenistanyň olaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini belledi hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklaryň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Soltan Haýsam bin Tarik Al Saide berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Oman Soltanlygynyň halkyna bolsa gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.