img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birinji Hazar ekologiýa sammiti geçirildi

photo

Türkmenistan çuňňur many-mazmuna, sebit we ählumumy ähmiýete eýe bolan iri halkara çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrülmegini dowam etdirýär.

Şeýle çäreleriň biri hökmünde 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birinji Hazar ekologiýa sammiti geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşdylar.

Sammit häzirki döwrüň şertlerine laýyklykda, möhüm ekologik meseleleriň çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin başlangyçlary öňe sürmäge gönükdirilen meýdança boldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Hazar ekologiýa sammitiniň jemleri hakynda döwlet Baştutanlarynyň Karary kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramaga we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini bellemek möhümdir.

2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan deňiz gurşawyny goramak boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen «Hazar ekologiýa başlangyjynyň» taslamasyny hödürledi. Bu başlangyjy durmuşa geçirmek maksady bilen, milli derejede, şeýle hem hyzmatdaş ýurtlar we halkara guramalar bilen bilelikde işjeň işler alnyp barylýar.

Şu nukdaýnazardan, oňyn Bitaraplyk syýasatyna eýermek bilen, Hazary parahatçylygyň, ynanşmagyň we dostlugyň deňzine öwürmek ugrunda Türkmenistanyň yzygiderli tagallalary durmuşa geçirýändigini aýratyn nygtamak gerek. Ýurdumyz Hazarýaka döwletleriň arasynda energetika, ulag we logistika, senagat hem-de söwda ulgamlaryndaky ýakyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli işleri alyp barýar.

Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň esasynda we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan Hazar sebitinde söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek boýunça yzygiderli başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu başlangyçlar kenarýaka döwletleriň arasynda giň goldawa eýe bolýar.

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ilkinji sammitini geçirmek başlangyjy hem Türkmenistana degişlidir. Bu forum 2002-nji ýylda Aşgabatda geçirildi we ýakyn hem-de uzak möhletli geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde başlangyç tapgyr boldy.

Şol döwürden bäri döwletara gepleşikler mehanizmi hil taýdan täze derejä çykdy. Birinji Hazar sammitinde öňe sürlen pikirler soňraky sammitlerde kabul edilen resminamalaryň esasyny düzdi.

Ilkinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek başlangyjy hem Türkmenistan tarapyndan öňe sürüldi. Forum 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirildi. Bu çäre kenarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirildi. Forum sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň täze we özara bähbitli ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistan sebit we dünýä syýasatynda düýpli täze hem-de netijeli ugurlaryň kemala gelmegini goldamagy, anyk netijeleri berýän taslamalara alyp barýan täsirli gepleşik işlerini höweslendirýän mehanizmleri döretmäge ýardam bermegi dowam etdirýär.