img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

photo

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän şahsy ünsi we hemmetaraplaýyn goldawlary üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

RF-niň Prezidenti gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy. Şeýle-de Wladimir Putin döwletara dialogy pugtalandyrmakda döwlet Baştutanymyzyň uly goşandyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar köpasyrlyk dostluga, ynanyşmaga we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar. Hyzmatdaşlyk edilip gelinýän ýyllaryň dowamynda ähli ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň baý tejribesi toplanyldy we ýokary netijeler gazanyldy.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy giň ugurlar boýunça, ilkinji nobatda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler.

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy BMG we GDA ýaly halkara guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Wladimir Putin bilen ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döretjek duşuşygyň geçiriljekdigini aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we Hazar ekologiýa sammitine gatnaşjakdyklaryny belläp, öňde boljak duşuşyklaryň GDA-nyň giňişliginde netijeli dialogy has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine hem-de Hazar sebitiniň ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmäge uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.