Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birnäçe möhüm çärelere, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi.
Saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.