img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Halkara zähmet guramasynyň Halkara zähmet standartlary departamentiniň direktory bilen geçirilen duşuşyk barada

photo

2026-njy ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Halkara zähmet standartlary departamentiniň direktory Korinn Warganyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. HZG bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy, onuň milli zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmäge, durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we halkara zähmet standartlaryny ornaşdyrmaga ýardam berýändigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen HZG-niň arasynda 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem, HZG bilen hyzmatdaşlyk meseleleriniň Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň gün tertibine girýändigi bellenildi. Türkmenistanyň HZG-niň agzalygyndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygy tassyklandy.

Taraplar, şeýle hem, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda HZG bilen taslama hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ähmiýetini bellediler hem-de Guramanyň Türkmenistanda wekilhanasyny açmak meselesini hem öz içine almak bilen, amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen HZG-niň Zähmetkeşleriň işi boýunça býurosynyň (ACTRAV) arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşine aýratyn üns berildi. Bu hyzmatdaşlyk durmuş dialogyny ösdürmäge we halkara zähmet standartlaryny ilerletmäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.