img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk barada

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurlan Nogaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar sebit we halkara gün tertibine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde iki ýurduň başlangyçlaryny özara goldamagy dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.