img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministrler geljekki iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň taýýarlygy we geçirilmegi bilen bagly meselelerine, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.