Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara ulag forumynyň her ýylky sammitine gatnaşýar
2026-njy ýylyň 6–8-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýanyň Leýpsig şäherinde geçirilýän Halkara ulag forumynyň (ITF) her ýylky sammitine gatnaşýar. Forum Azerbaýjanyň başlyklyk etmeginde geçirilýär we onuň temasy – «Durnukly ulagy maliýeleşdirmek» – ITF-iň 2025–2027-nji ýyllar üçin niýetlenen ulag durnuklylygy bilen bagly üç ýyllyk sammitler maksatnamasynyň ikinji bölegidir.
Forumyň meýdançasynda ITF-ä agza 69 döwletiň ulag ministrleri, öňdebaryjy pudaklaýyn kompaniýalaryň ýolbaşçylary, akademik jemgyýetçiligiň we halkara guramalaryň wekilleri ýygnandylar.
Türkmen wekiliýetine «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary Süleýman Durdyýew ýolbaşçylyk edýär. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, şeýle hem Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekilleri girdi.
Çärä gatnaşyjylar maýa goýumlary çekmegiň ýollaryny we barha artýan töwekgelçilikleriň — howanyň üýtgemegi, aşa tebigy hadysalar, pandemiýalar, kiberhüjümler we geosyýasy durnuksyzlyk şertlerinde ulag ulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maliýeleşdirme strategiýalaryny işläp düzmegi ara alyp maslahatlaşýarlar.
Ýurdumyzyň şeýle abraýly halkara forumyna gatnaşmagy Türkmenistanyň giň gerimli ulag başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan maksadaokgunly işleriniň kanunalaýyk dowamydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda halkara ulag geçelgelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ulagyň ähli görnüşleriniň infrastrukturasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we dünýä söwdasynyň häzirki zaman talaplaryna jogap berýän ygtybarly üstaşyr-logistika ulgamyny kemala getirmek işleri ulgamlaýyn esasda amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ulag diplomatiýasynyň ýörelgelerini öňe sürmek aýratyn orun tutýar. Ýurt pudagy sanlylaşdyrmagyň, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we daşky gurşawa zyýansyz ulag görnüşlerini ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş edýär, bu bolsa durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna doly gabat gelýär. Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginiň möhüm üstaşyr merkezi hökmündäki ornyny yzygiderli berkidip, sebitde we halkara giňişliginde ykdysady durnuklylygy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmäge ýardam berýär.