Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-rus syýasy geňeşmeleri geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň gatnaşmagynda türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň giň ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan dostlukly we ynanyşykly gatnaşyklaryň yzygiderli ösüşi bellenildi.

Şeýle-de, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem köptaraplaýyn görnüşde hem netijeli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki netijeli özara gatnaşyklara üns çekildi. Şeýle hem «Merkezi Aziýa-Russiýa» formatyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Diplomatlar 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda baglaşylan Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna laýyklykda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda dialogy has-da güýçlendirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Taraplar sebit howpsuzlygy we durnuklulygy meselelerine hem garadylar.