Türkmenistanyň wekiliýeti CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar
2025-nji ýylyň 10-12-nji noýabry aralygynda Wenada Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 65-nji mejlisi geçirilýär. Çärä gatnaşyjylar halkara ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk tertibi boýunça ulgamyny berkitmek, monitoring we barlag ulgamlaryny kämilleşdirilmek, şeýle hem gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeldilmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alnyp maslahatlaşýar.
Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Saryýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.
Plenar mejlisde eden çykyşynda türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygyny nygtamak bilen, oňa halkara ýaýratmazlyk we ýaragsyzlanmak ulgamynyň esaslarynyň biri hökmünde garaýandygyny belledi. Türkmenistanyň bu Şertnamany ilkinji bolup gol çeken we tassyklan döwletleriň biri bolup, yzygiderli esasda ählumumy howpsuzlygyny berkitmegiň hem-de ýadro ýaraglarynyň ýaýratmagynyň öňüni almagyň tarapdary bolup çykyş edýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň halkara monitoringiň ulgamyna gatnaşmak meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara monitoring ulgamynyň (IMS) düzümine girýän we maglumatlary halkara maglumat merkezine ygtybarly ugradylmagyny üpjün edýän PS44 «Alibek» Ilkinji seýsmiki stansiýasynyň ähmiýeti bellenildi. Mundan başga-da, stansiýada meýilleşdirilen hyzmat ediş işlerini geçirmek üçin CTBTO-nyň bilermenler toparynyň Türkmenistana amala aşyrjak sapary barada habar berildi.
Ylmy-tehniki mümkinçilikleri berkitmegiň çäklerinde Türkmenistan Milli maglumat merkezini ösdürmegi dowam edýär hem-de CTBTO-nyň okuw we taýýarlyk maksatnamalaryna işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda sebit ýurtlarynyň Milli maglumat merkezleriniň hünärmenleri üçin sebitleýin okuw sapaklaryny geçirmäge Türkmenistanyň taýýardygy mälim edildi.
Türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň Şertnamanyň gol çekilmegi üçin açylmagyna we Türkmenistanyň oňa goşulyşmagyna 30 ýyl dolýandygy bilen bagly aýratyn ähmiýetli ýyl boljakdygyny nygtap, guramanyň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek baradaky tagallalaryna ygrarlylygynyň tassyknamasy hökmünde bu senelere bagyşlanan çärelere gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Wena sapary dowam edýär.