TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HGI-NIŇ WEKILIÝETINIŇ GYRGYZYSTANA SAPARY

2023-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Bişkekde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B.Mätliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň DIM-niň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň rektory Akylbek Kylyçewyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň DIM-niň HGI bilen Gyrgyzystanyň DIM-niň Diplomatik akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we iki ýokary okuw jaýynyň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak ugrundaky özara ygrarlylyk tassyklandy. Taraplar bilelikdäki gözleg taslamalaryny we çäreleri guramak barada pikir alyşdylar.

Şol gün Diplomatik akademiýanyň binasynda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ösüşine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Duşuşyga akademiýanyň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.

Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn netijesi bellenildi. Ylym we bilim pudagynda netijeli gatnaşyklaryň giňelmegi, mundan beýläkki gatnaşyklar üçin ileri tutulýan ugur hökmünde görkezildi.