Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Halkara sergiler — Watanymyzyň üstünliklerini dünýäde wagyz etmegiň ähmiýetli giňişligi

Mälim bolşy ýaly, «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» netijeli durmuşa geçirmek, halkara sergi işini ösdürmekde abraýly halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» tassyklaýan degişli Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň 5-nji oktýabrda Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etmegi we myhman bilen bu düzümiň goldaw bermeginde guralýan sergi-ýarmarka işleri ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle hem öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagy hem bu ugruň ýurdumyz üçin möhümdigine şaýatlyk edýär.

Halkara sergiler býurosynyň ýolbaşçysy ýurdumyz bilen gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady we halkara giňişlikde Türkmenistanyň sergileri guramakda ýokary derejä ýetendigini belledi.

Biziň döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Şunda diňe bir dünýäniň öňdebaryjy tejribesini özleşdirmek däl, eýsem, içerki we daşarky bazarlarda ýerli harytlaryň, hyzmatlaryň ilerledilmegi hem göz öňünde tutulýar. Munuň özi halkara sergileriň dünýä ykdysadyýetine ýakynlaşmagyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilip, kabul edilen «Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyz Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Halkara sergiler býurosynyň agzasy bolmak bilen, bütindünýä we ýöriteleşdirilen gözden geçirilişlere işjeň gatnaşýandygyna ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan Şanhaýda, Milanda, Astanada, Dubaýda geçirilen sergilerde mynasyp wekilçilik etdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz agzalan býuronyň ýolbaşçysyny şu ýylyň 2-nji oktýabrynda Kataryň Doha şäherinde bu guramanyň goldaw bermeginde guralýan «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisiniň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, bu halkara gözden geçirilişde Türkmenistanyň sergi bölümi hem guraldy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtap, döredilen guramaçylyk toparynyň bu ugurda degişli işleri alyp barýandygyny aýtdy.

Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes, öz gezeginde, Doha şäherinde geçirilýän halkara sergide ýaýbaňlandyrylan türkmen bölümi bilen tanşandygyny, onuň özünde uly täsirleri galdyrandygyny aýtdy. Myhman bilelikdäki çäreleriň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýurdumyzyň dünýäniň sergiler giňişligine geljekde-de işjeň goşulyşmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.