Türkmenistan bilen Bütindünýä Banky Toparynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen Bütindünýä Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit ýolbaşçysy Tatýana Proskurýakowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň web-saýtynda habar berilişi ýaly, gepleşikleriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle hem Türkmenistan bilen Bütindünýä Banky Toparynyň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.