Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek başlandy

Gadyrly Türkmenistanyň raýatlary!
2023-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistan Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynyň geçiriljekdigini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan Respublikasyndaky Türkmenistanyň Konsullygynda (Aktau şäheri) ses bermek üçin 3-nji saýlaw uçastogy döredildi. Biziň salgymyz Mangistau welaýaty Aktau şäheri, Şygys-1 285-nji öý.
On sekiz ýaşyna ýeten we Gazagystanyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlary 2023-nji ýylyň 26-njy martynda ýerli wagt bilen 07: 00-dan 19: 00-a çenli ses berip bilerler.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, möhletinden öň ses bermek üçin saýlaw uçastogy 2023-nji ýylyň 16-njy martyndan 07.00-dan 19.00-a çenli açykdyr.
Saýlawçylar, saýlaw uçastogyna gelenlerinde şahsyýetini tassyklaýjy resminamasyny (içerki ýa-da daşary ýurda gitmek üçin biametriki pasporty) görkezmeli.