AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ARASYNDA GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi.
Geňeşmeleriň dowamynda hereket edýän we öz güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara ylalaşyklaryň we şertnamalaryň, şeýle hem iki ýurduň garamagyndaky resminamalaryň taslamalarynyň sanawyna seredildi.
Diplomatlar ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadynyň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerini kesgitlediler we onuň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegi boýunça gepleşikleri ulgamlaýyn esasda dowam etdirmegi ylalaşdylar.