EÝRANYŇ ILÇISI BILEN BOLAN DUŞUŞYK BARADA
Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji martynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibindäki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmak bilen, taraplar iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm ähmiýetini bellediler.
Parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda, özara saparlary guramaga aýratyn üns berildi.
Iki döwletiň abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde alyp barýan köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygy hem bellenildi.
Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, ileri tutulýan ugurlar hökmünde ekologiýa, energetika we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga üns çekildi.
Taraplar şeýle-de iki ýurduň zenanlarynyň arasyndaky dialogyň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini bellediler.