DUŞENBEDE TÜRKMEN-TÄJIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 8-9-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna sapary boldy.

8-nji martda iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi, onuň çäklerinde strategiki häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler iki ýurduň we halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda ýokary derejedäki gatnaşyklaryň derwaýys ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Bu babatda, şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana döwlet saparynyň guralmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem 2023-nji ýylyň sentýabrynda Duşenbede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň Bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň Halkara Gaznasyny esaslandyryjy-döwletleriň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň meselelerine garaldy.

Gepleşikleriň dowamynda nygtalşy ýaly, halkara guramalarynyň we sebit meýdançalarynyň çäklerindäki işjeň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy, munuň bolsa ýurtlaryň dalaşgärlikleriniň hem-de başlangyçlarynyň goldawynda öz beýanyny tapýandygy bellenildi.  

Taraplar iki ýurduň halkara gün tertibi we sebitiň derwaýys meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da birmeňzeşligini tassykladylar.

Parlamentara hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi.

Şertnama-hukuk binýadynyň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

Söwda-ykdysady ulgamyndaky özara hereketleriň ýygjamlaşdyrylmagy nukdaýnazaryndan, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işiniň derwaýyslaşdyrylmagynyň zerurlygyny nygtadylar.

Ulag-logistika ulgamy, senagat hyzmatdaşlygy, dokma toplumy we beýlekiler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Medeni-yndanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlyk türkmen-täjik gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, birek-biregiň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň, ylym-bilim ulgamyndaky özara hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygy bellenilip geçildi.

Şu nukdaýnazardan, täjik tarapy Täjigistanda umumy bilim berýän orta mekdebiň gurulmagy boýunça Türkmenistanyň başlangyjyna aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

 

9-njy martda Daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Täjigistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşykda strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-täjik özara gatnaşyklarynyň has hem çuňlaşdyrylmagynyň, ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag we logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, sebitleriň arasyndaky gatnaşyklaryň we medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýakyn wagtda boljak saparlaryň tertibi boýunça pikirler alyşyldy.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň azgalarynyň Täjigistanyň ugurdaş ministrleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi.

Şeýle hem saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Täjigistanyň Hatlon welaýatynda hem iş saparynda boldy.