TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMEN-GERMAN HYZMATDAŞLYGYNY PUGTALANDYRMAK WE GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mihael Uwe Birhoff bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

M.Bäşimowa Türkmenistanyň GFR bilen ikitaraplaýyn görnüşindäki hem-de halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy barada  nygtady.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryny geljekde hem giňeltmegiň ýollary bilen bagly pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german bilelikdäki iş toparynyň ähmiýetini nygtadylar hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de tejribe alyşmak maksady bilen bilelikdäki işewürler maslahatlaryny, sergileri geçirmeklik teklip edildi.

Şeýle hem bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdalyk barada bellenildi.