TÜRKMENISTANDA ÇILI RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 7-nji martynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Çili Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rodrigo Enrike Arkos Kastrodan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, oňyn başlangyçlary bilen halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda Çili Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili bolmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi.
Söhbetdeşligiň barşynda Ilçi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, şeýle-de iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.
Şeýle hem, milli ykdysadyýetimiziň innowasion kuwwatynyň artdyrylmagyna, onuň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, häzirki zaman düzümleriniň döredilmegine, halkyň maddy hal-ýagdaýynyň, durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryna aýratyn üns çekildi.
Çili Respublikasynyň Ilçisi amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler bilen baglylykda, türkmen parlamentiniň gurluşy we köptaraplaýyn işi bilen tanyşdyryldy.