Сегодня, 6 марта 2023 года, в Ашхабаде прошло 17-е заседание Совместной туркмено-узбекской комиссии по торгово-экономическому, научно-техническому и культурному сотрудничеству. С туркменской стороны в работе заседания приняли участие руководители министе

Şu gün, 2023-nji ýylyň 6-njy martynda Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi.
Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Özbek tarapynyň wekiliýetine Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ž.Hojaýew ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň dowamynda taraplar bilelikdäki hökümetara toparyň öňki mejlisiniň dowamynda kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky yzygiderli we netijeli gepleşikleriň döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berýändigi bellenildi.
Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisine gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, ilkinji nobatda, ulag-logistika ulgamy, nebit-gaz, himiýa we elektroenergetika pudaklary, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça gatnaşyklaryň geljekde hem pugtalandyrylmagynyň zerurdygyny nygtadylar.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary barada bellenildi.
Bilelikdäki hökümetara toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.