SOŇKY HABARLAR
BAE-NIŇ DAŞARY IŞLER BOÝUNÇA DÖWLET MINISTRI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Owganystan boýunça ministrler derejesindäki ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Anwar Muhammet Gargaş bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilşini seljerdiler. Şunuň bilen baglylykda taraplar syýasy we söwda-ykdysady ga...
Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi
Paýtagtymyzda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Aşgabatda RECCA VII iş toparynyň duşuşygy geçirildi. Ol Owganystany işjeň çekmek bilen netijeli özara hereket etmäge, umuman, ýakynlaşmak işlerini höweslen...
AŞGABATDA MERKEZI AZIÝADA DURNUKLY ÖSÜŞ WE SUW SERIŞDELERINI DOLANDYRMAK MESELELERI BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Aral deňizini halas ediş gaznasynyň Ýerinre ýetiriji komitetinde Türkmenistanyň başlyklyk etmekliginiň çäginde, 2013-nji ýylyň 13-14 noýabrynda Aşgabat şäherinde Aral deňizini halas ediş gaznasynyň Ýerinre ýetiriji komitetiniň şahamçalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklygynda Durnukly ösüşiň we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meselelerine çekilen Merkezi Aziýanyň sebit guramalarynyň altynjy duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermekligind...
Türkmenistanlylar Hasyl baýramyny giňden bellediler
Ýurdumyzda Hasyl toýunyň hormatyna paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýokary hasyl ussatlaryny sylaglamak dabaralary geçirilip, dürli medeni köpçülikleýin we sport çäreleri, maslahatlar we sergiler guraldy, bereketli saçaklar giňden ýazyldy. Esasy çäreler Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geçirildi, bu ýerde toýuň gahrymanlaryny- ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge mynasyp goşant goşan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri, beýleki hünärmenler...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI SAMARKANTDA HALKARA MASLAHATA GATNAŞDY
2017-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda Samarkantda BMG-niň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça “Merkezi Aziýa: bir geçmiş we umumy geljek, durnukly ösüşiň we özara gülläp ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleri derejesinde “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” atly nobatdaky duşuşyk geçirildi. Ýokarda ady agzalan halkara çärelere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başly...
Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde «Türkmenistan-Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2017-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aktau şäherindäki Konsullygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wekilleri, Mangistau welaýatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Ş.Ýesenow adyndaky Kaspi döwlet Tehnologiýa we Inžinerçilik uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdy. ...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, geoykdysady taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň depginlerini güýçlendirmek, bu ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýän möhüm ýagdaý hökmünde üstaşyr...