SOŇKY HABARLAR
2018-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Aşgabatda geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda sportuň dürli görnüşleri boýunça Türkmenistanda halkara ýaryşlary geçirilýär. Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda “Sagdynlyk, Ruhubelentlik, Dostluk” atly şygar bilen, ýokary guramaçylykly geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hem Türkmenistanyň halkara sport abraýyny has-da ýokarlandyrdy. Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti, Hal...
Durnukly energetika ösüşiniň meseleleri – Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň üns merkezinde
2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda “Oguzkent” myhmanhanasynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işini “ Maýa goýumlaryny durnukly energetika geljegine gönükdirmek we daşamagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak” diýen temada dowam etdi. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň ministrler bölümi ýokary derejeli şahslar üçin energetikada durnukly maýa goýumlary ulgamynda çözgütleri kabul etmäge we energetika kärhanalarynyň ýolbaşçylary üçin syýasy mes...
AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Greminger bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we bar bolan mümkinçilikleri seljerildi. Özara gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmäge kanagatlanma bildirip, taraplar harby-syýasy, ykdysady-ekologik...
AŞGABATDA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝASYNYŇ 28-NJI MEJLISI AÇYLDY
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işine başlady. Maslahat Türkmenistanyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň işine 49 sany agza döwletiň hem-de synçy ýurtlaryň ministrlikleriniň we edaralarynyň, 12 sany halkara we sebitleýin guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, 14 sany iri energetika kompaniýalarynyň, şeýle...
AŞGABATDA ENERGETIKA PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUMYN IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti paýtagtymyza geldi. Mejlisde özara ynanyşmak we bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi nygtaldy. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, nebiti we gazy gazyp alýan we nebithimiýa senagatynyň kärhanalarynyň munda...
Kermanşah welaýatynda bolup geçen ýer titremesinde ejir çekenlere ynsanperwer ýüki Eýrana ugradyldy
Maşatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ugradylan Eýranyň ilaty üçin ynsanperwer ýükli kömegi bermek çäresi boldy. Bu ýurduň Kermanşah welaýatynda Sarpol-e-Zahab etrabynda güýçli ýertitreme bolup, onuň derejesi Rihter ölçegi boýunça 7,4 bala ýetdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan muzdsuz berlen ýüki – derman serişdelerini ýörite awtoulag kerweni ýetirdi. Ugradylan önü...
KATAR DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ahmad Hassen Al-Hamadiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda ýola goýlan açyk we dostlukly dialogy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi...