TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN TUNIS IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ UGRUNDA
2019-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) jenap Mohammed Ali Şihi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gepleşikleriň, hususan-da syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gepleşikleriň barha artandygyny kanagtlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň degi...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň Daşky gurşaw boýunça Ýokary geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Patyşalygyň atçylyk we at ýaryşlary federasiýasynyň prezidenti Şeýh Faýsal Bin Raşid Bin Isa Al Halifanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Bahreýniň wekiliýeti türkmen tarapyna türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmaga döredilen müm...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GRUZIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mamuku Murjikneli bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ulag, energetika we bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garadylar. Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugry boýunça geçýän Lazurit taslamasyny döretmegiň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berip, gruzin diplomaty Gruziýanyň ...
ASTRAHANDA HAZARYŇ GORANMAK EDARALARYNYŇ WEKILIÝETLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 22-24-nji apreli aralygynda Astrahan şäherinde (Russiýa Federaiýasy) Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň (HDDUI) binýadynda 2018-nji ýylyň awgustynda Aktau şäherinde geçirilen Hazar ýurtlarynyň Baştutanlarynyň V Sammitiniň barşynda gol çekilen Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakynda ylalaşygyň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen bagly bolan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň goranmak edaralar...
TÜRKMENISTANDA TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY GIŇDEN BELLENILIP GEÇILDI
2019-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistan ählihalk dabarasy – Türkmen bedewiniň baýramyny giňden belläp geçdi. Aşgabatda geçirilen dabaralaryň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralary çäreleriň ençemesi geçirildi. Köpsanly ýurtlardan myhmanlar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler, olaryň arasynda RF-niň Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň ýolbaşçy...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 143-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, yşyklandyryjy kerosini, polipropileni satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietilen, «Türkmenhimiýa» döwl...
TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI
2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegine garaşylýar. Onuň dowamynda dürli pudaklar boýunça özarabähbitli gatnaşyklaryň ösüş meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmen bed...