TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen polipropilen we ýokary dykyzlykly polietilen, şeýle hem karbamid we tehniki kükürd («Türkmenhimmiýa» DK), («Türkmengaz» DK) Russiýadan, Beýik Britaniýada...
UKRAINANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINE GUTLAG HATY
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň täze saýlanan Prezidenti Wladimir Aleksandrowiç Zelenskä ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny ýollady.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ IMPERATOR NARUHITO ÝOLLAN HATY
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň täze Imperatory Naruhito ýollan gutlag hatynyň resmi gowşuryş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça gutlag haty Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçis...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistanyň Kärdeşler arkalaşyklary Federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Ýarkun Faýzullaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň aprel aýynda Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Özbegistanyň Kärdeşler arka...
AŞGABATDA GÜMRÜK GULLUKLARYNYŇ MAGLUMAT ALYŞMAK BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY BAŞLADY
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Aşgabat şäheriniň «Аrçabil» myhmanhanasynda Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalarynyň arasynda maglumat alyşmak boýunça iki günlük sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň, Bütindünýä gümrük guramasynyň, Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň birnäçe gümrük gulluklarynyň ygtyýarly wekilleri gatnaşýarlar. Okuw maslahatynyň 1-nji gününde oňa gatnaşyjylar dünýäniň gümrük gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaş...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE STRATEGIKI DIALOG BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa boýunça strategiki barlaglar merkeziniň (NESA) bilermenleriniň gatnaşmagynda Günorta we Merkezi Aziýada ABŞ-nyň howpsuzlyk syýasaty boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahatynyň işine Türkmenistanyň Daşary işler, Goranmak, Milli howpsuzlyk ministrliklerinden we Döwlet serhet gullugyndan wekiller gatnaşýarlar. Okuw maslahatynyň dowamynda ABŞ-nyň Merkezi we Günort...
21-22-NJI MAÝDA «АWAZA» MILLI SYÝAHATÇYYK ZOLAGYNDA X HALKARA GAZ KONGRESI GEÇIRILER
2019-njy ýylyň 21-22-nji maýynda «Аwaza» Milli syýahatçyyk zolagynda X Halkara gaz kongresi geçiriler. «Тürkmengaz» Döwlet konserni we «Тürkmen forum» hojalyk jemgyýeti bu ýöriteleşdirilen forumyň guramaçylary bolup çykyş edýärler. Geçiriljek kongress ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenlerini, halkara guramalarynyň, innowasion merkezleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň wekillerini, şeýle hem köpçülikleýin habar...